Biz barada

mnohom

“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky 
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi barada
MAGLUMAT

  • Türkmenistan SSR-niň Profesional tehniki bilimi baradaky Döwlet Komitetiniň №429 buýrugy esasynda 1977-nji ýylyň 10.11. aýynda SGPTU №24 döredildi.
  • Türkmenistan SSR-niň Profesional tehniki bilimi baradaly Döwlet Komitetiniň №327 buýrugy esasynda 03.08.1984-nji ýylda SGPTU №24, SGPTU №32-ä öwrüldi, ştampy we möhri çalşyldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 05.08.1997-nji ýylda №3281 belgili karary we “Türkmengaz” döwlet konserniniň 11.08.1997-nji ýylda №78 belgili buýrugy we “Marygazçykaryş” dolandyryş edarasynyň 14.08.1997-nji ýyl №183 belgili buýrugy esasynda “Senet” döwlet birleşiginiň işiniň bes edilendigi sebäpli, Pudakara okuw merkeziniň Hünärment taýýarlamak baradaky №32 mekdebi “Marygazçykaryş” dolandyryş edarasynyň düzümine geçirildi.
  • “Türkmengaz” döwlet konserniniň 11.02.1998-nji ýyldaky №17 belgili buýrugyy esasynda ozalky Hünärment taýýarlamak baradaky №32 mekdebi, №3 Tehniki liseý diýip atlandyryldy.
  • “Türkmengaz” döwlet konserniniň 22.12.2001-nji ýyldaky №101 bilgili buýrugy esasynda okuw jaýlarynyň atlarynyň millileşdirmek we tertip belgilerini kadalaşdyrmak maksady bilen ozalky №3 Tehniki liseýi 1-nji Hünärment mekdebi diýip atlandyryldy.
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 25.06.2010-njy ýylyň 11106 belgili karary esasynda we “Türkmengaz” Döwlet konserniniň 29.07.2010-njy ýyldaky №155 belgili buýrugy esasynda, 1-nji Hünärment mekdebiniň ady we tertip belgisi 
  • “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi diýip atlandyryldy.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinda işleýän işgärler - 155 sany bolup, olardan: ýolbaşçy - 12 sany, hünärmen - 12 sany, mugallym - 73 sany, önümçilik ussasy - 17 sany, gullukçy - 9 sany, tehniki işgär - 32 sany.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi 5 sany okuw binasyndan ybarat, umumy ýaşaýyş jaýy 1 sany, 250 orunlyk;
150 orunlyk aktlar zaly; 50 orunlyk kiçi mejlisler zaly;
Naharhana 120 orunlyk;
Mekdebiň tutýan meýdany 4.125 ga.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Mary şäheriniň kemine köçesiniň 33-nji jaýy.

“Türkmengaz” döwlet konserniň garamagyndaky Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde orta hünär bilimi we başlangyç hünär bilimi bölümlerde 2 okuw çalşykda okuwlar alynyp barylýar. Her okuw çalşygynda 1500 sany talyp okamaga mümkinçiligi bar. Okuwlar umumy, amaly, tejribe we söhbet sagatlarynda okadylýar.
Mekdebimizde daşary ýurt (rus, iňlis) dillerini okatmak üçin 3 sany lingofon otaglarydöredildi. Iňlis, rus dili okuw otaglarynyň her haýsynda 25 sany talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.
 
Sport meýdançalary 4 sany bolup, olardan: 

Kiçi açyk gandbol meýdançasy bolup, 25 sany talyp bilen sapak geçmäge mümkinçiligi bar;
Ýapyk woleýbol meýdançasy, 140 tomaşaça niýetlenen;
Ýapyk basketbol meýdançasy bolup,  25 sany talyp bilen sapak geçmäge mümkinçiligi bar;
Uly açyk futbolmeýdançasy, 460 tomaşaça niýetlenen;
Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary we informatika okuw otaglarynyň 4-niň her birisiniň içinde 10 sany kompýuterler bilen üpjün edilip, okuw otaglarynyň her  haýsynda 25 talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.  
        
Tejribe okuwlary üçin 8 sany okuw otaglary bolup olardan: 
  • A-1 “Tehniki dersleri” okuw otagynda 25 sany talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.
  • A-9 “Tehniki dersleri” okuw otagynda 25 sany talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.
  • A-13 “Tehniki dersleri” okuw otagynda 25 sany talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.
  • A-16 “Tehniki dersleri” okuw otagynda 25 sany talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.
  • A-20 “Tehniki dersleri” okuw otagynda 25 sany talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.
  • A-21 “Tehniki dersleri” okuw otagynda 25 sany talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.
  • B-21 “Tehniki dersleri” okuw otagynda 25 sany talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.

45 sany okuw otaglarynda nazary okuw sapaklaryny geçmek üçin 25 sany talyp oturdyp sapak geçmäge mümkinçiligi bar.
Okuw otaglarynyň 45-si interaktiw tagtalary we proýektorlar bilen üpjün edilen. Mekdebimiziň kitaphanasynda jemi 1200-den gowurak kitaplar bar. 
Mekdebimiziň goşmaça täze okuw binasynda jemi 17 sany 30 orunlyk okuw otagy bolup, olardan 4 sanysy umumy okuw üçin niýetlenen, 13 sanysy tejribe okuwlar üçin niýetlenen. Okuw otaglarynyň 11-si proýektorlar bilen üpjün edilen. 

Salgymyz:

Mary şäheri, Kemine köçesi, 33

Telefon belgiler:
(8-522) 4-66-65